Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowa: Lupu prezidentlige dalaşgärlikden çekilýär


Çarşenbe güni Moldowanyň prezidentligine ýeke-täk kandidat Marian Lupu prezidentlige dalaşgärlikden çekilýändigini yglan etdi.

Ol muny Moldowada prezidentlik saýlawy bilen baglanyşykly ýüze çykan syýasy krizise çözgüt tapylmagyna “ýol açmak” maksady bilen äden ädimi hökmünde häsiýetlendirdi.

Moldowanyň kanunyna görä, ýurduň prezidentini parlament saýlamaly. Ýöne indi iki ýyl bäri ýurduň parlamentinde prezidentlige dalaş etmek isleýänleriň zerur sesi alyp bilmeýändikleri sebäpli, prezident saýlawy başa barman gelýär.

Prezidentlige dalaşgäriň kandidaturasynyň tassyklanmagy üçin oňa parlamentiň 101 deputatynyň azyndan 61-si goldaw sesini bermeli.
XS
SM
MD
LG