Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Günorta akym» gaz geçirijisiniň gurluşygy başlanar


Anna güni Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin 2012-nji ýyldan «Günorta akym» gaz geçirijisiniň gurluşygynyň başlanmagyna görkezme berdi.

Bu barada «Gazprom» kompaniýasynyň direktory Alekseý Miller bilen geçiren gepleşiginde Putin bu gaz proýektiniň gurluşygyna geljek ýylyň ahyryna çenli başlamaklygyň ýerlikli boljakdygyny belledi.

Orsýet şu «Günorta akym» gaz proýekti arkaly Ýewropanyň ýurtlaryna ýylda 63 milliard kubometr gaz akdyrmaklygy planlaşdyrýar.

Geçen hepde bu gaz geçirijiniň Türkiýäniň Gara deňizdäki territoriýasyndan geçmegine Ankaranyň öz razylygyny bermegi bilen, bu proýektiň öňündäki esasy päsgelçilik aradan aýryldy.
XS
SM
MD
LG