Sepleriň elýeterliligi

Fransiýanyň goranmak ministri Owganystana sapara bardy


Şu gün Fransiýanyň goranmak ministri Jerard Longuet Owganystana sapara bardy.

“Frans-press” habar agentligi bu saparyň barşynda Jerard Longuetiň Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý, ýurduň goranmak ministri Abdul Rahim Wardak we NATO-nyň Owganystandaky güýçleriniň komanduýuşisi, amerikan generaly Jon Allen dagylar bilen gepleşik geçirjekdigini habar berýär.

Iki gün mundan öň Owganystanyň Kapisa welaýatynda owgan esgerleriniň harby geýimini geýnen bir ýaragly adamyň eden hüjüminde iki sany fransuz esgeri ölüpdi.
XS
SM
MD
LG