Sepleriň elýeterliligi

Eýran raketalaryny synady


Eýran Ormuz bogazynyň golaýynda harby türgenleşik geçirýär, 1-nji ýanwar.

Eýran Ormuz bogazynyň golaýynda harby türgenleşik geçirýär, 1-nji ýanwar.

Eýran uzakda ýerleşýän nyşana zarba urujy täze raketasyny synagdan geçirendigini yglan etdi. Soňky günlerde Eýranyň harby-deňiz güýçleriniň Ormuz bogazynda geçirýän bu harby türgenleşikleri Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly bu ýurda halkara basyşlarynyň güýçlenýän wagtyna gabat geldi. Tähran öz ýadro programmasy bilen bagly halkara derejesinde edilýän aýyplamalary ret edýär we özüne edilýän basyşlara garşy durmakçydygyny duýdurýar.


Geçen hepde Eýranyň ýokary derejeli resmileri, eger günbatar döwletleri eýran nebitiniň eksportyna gadagançylyk girizseler, onda Ormuz bogazyny böwletlemekçidiklerini duýdurypdylar.

Şol haýbat bilen baglylykda 1-nji ýawarda Eýranyň IRINN telekanaly Eýranyň ýer-howa kysymly täze raketasynyň Ormuz bogazyndaky synagyny görkezdi.



Eýranyň harby-deňiz güýçleriniň ýolbaşçysynyň orunbasary Mahmud Mussawi ýurduň döwlet telewideniýesinde görkezilen çykyşynda uzakda ýerleşýän nyşana zarba urujy yer-howa kysymly “Kader” atly raketanyň, şeýle-de orta uzaklyk üçin niýetlenen “Nur” atly raketanyň synag edilenligini habar berdi. Mussawi raketalaryň öňünden kesgitlenen nyşanalara üstünlikli ýetenligini hem belledi.

“Roýter” agentliginiň habar bermegine görä, mundan öň Eýran “Kader” we “Nur” atly raketa sistemalaryny “Ysraýyl ýa ABŞ ýaly duşmanlarynyň hüjümlerine garşy durmak üçin synamakçydygyny” yglan edipdi.

Eýranyň Ormuz bogazynda geçirýän 10 günlük deňiz türgenleşikleriniň ahyrky gününe Tähranyň arap dünýäsindäki iň ýakyn ýarany bolan Siriýanyň synçylarynyň gatnaşjakdygy habar berildi.

Basyş guraly

Tähran Ormuz bogazyny böwetlemek niýetiniň ýokdugyny aýdýar, emma şol bir wagtda-da ýagdaýyň islendik tarapa özgermegine özüniň taýýardygyny yglan edýär.

Eýranyň harby-deňiz güýçleriniň ýolbaşçysy admiral Habibolla Saýari Tähranyň Ormuz bogazyna doly gözegçilik edýänligini yglan etdi.

Ýewropa Bileleşigi bolsa soňky döwürde Eýran bilen Günbataryň arasynda dörän dartgynlygyň çäginde Eýranyň çig malyny satyn almagy bes etmek meselesine garaýar. Bu ABŞ tarapyndan Eýrana garşy eýýäm amala aşyrylan basyş çäresi bolup durýar.

Käbir maglumatlarda halkara derejesinde söwda edilýän nebitiň 40%-e golaý mukdarynyň Ormuz bogazynyň üstünden geçýändigi aýdylýar.

“Roýter” agentliginiň habar bermegine görä, Eýranyň Ormuz bogazynyň üstünden geçýän nebitiň eksport ýoluny petiklemek barada atan haýbatyna ABŞ-nyň Bäşinji floty reaksiýa bildirdi we nebit eksportyna päsgel döredip biljek hereketlere yol bermejekdigini duýdurdy.

Günbatar bilen Eýranyň arasynda dörän dartgynlygyň täze tapgyry Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly ýüze çykdy. Günbatar Eýranyň ýadro programmasynyň ýadro ýaragyny döretmeklige gönükdirilenligini aýdýar. Tähran bu aýyplamalary ret edýär.
XS
SM
MD
LG