Sepleriň elýeterliligi

Siriýada hökümet güýçleri merkezlerden yza çekilýär


Siriýada hökümet güýçleri prezident Başar al-Assada garşy protestler dowam edýän şäherleriň merkezlerinden çykaryldy. Bu barada duşenbe güni Arap Ligasynyň Baş sekretary Nabil al-Arabi Kairde geçirilen metbugat konferensiýasynda habar berdi.

Emma ol Siriýanyň şäherlerinde atyşyklaryň dowam edýändigini we ýaşaýyş jaýlarynyň üçeginde hökümet güýçleriniň protestçilere ot açýan mergenleriniň bardygyny hem aýtdy.

Nabil al-Arabi atyşyklary tizden-tiz bes etmäge çagyrdy.

Häzir Siriýada Arap Ligasynyň synçylary işleýärler. Täze ýylyň öň ýanynda Siriýa baran bu synçylar missiýasynyň maksady ýurtdaky çaknyşyklara baha bermek.

Siriýada synçylaryň bardygyna garamazdan, adam ýitgileri barada habarlar gelip gowuşýar.

Duşenbe güni Arap parlamenti Siriýadaky synçylary yzyna çagyrdy. Çünki olaryň işleri ýurtdaky gandöküşikligiň öňüni alyp bilmedi.
XS
SM
MD
LG