Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa ermeni genosidi kanuny boýunça ses berişligi çaltlandyrar


Fransiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasy ermenilere garşy genosidiň amala aşyrylandygyny inkär etmekligi jenaýat diýip hasaplamak baradaky kanun taslamasy boýunça şu aý ses berer. Bu barada Fransiýanyň mediasy habar berýär.

Fransiýanyň aşaky palatasy bu kanun taslamasyny geçen aý tassyklapdy. Munuň netijesinde, Türkiýe Fransiýadaky ilçisini konsultasiýa üçin yzyna çagyrypdy. Şeýle-de özara harby hyzmatdaşlygy togtadypdy.

Eger-de bu kanun proýekti tassyklansa, onda Birinji jahan urşy döwründe Osman imperiýasynyň ermenleri öldürmegi meselesinde “genosidiň” bolmandygyny öňe sürýän adama bir ýyl türme tussaglygy berler we 45 müň ýewro çenli jerime salnar.

Ankara, eger-de Fransiýanyň senaty bu kanuny tassyklasa, onda muňa jogap ädimlerini amala aşyrjakdygyny duýdurdy.
XS
SM
MD
LG