Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arap Ligasy öz synçylar toparynyň işine baha berer


Şu gün Arap Ligasynyň daşary işler ministrleri bu Liganyň synçylar toparynyň Siriýa eden saparyna syn bermek üçin maslahata ýygnanýarlar.

26-njy dekabarda Siriýa sapara baran Arap Ligasynyň synçylar topary bu ýurduň dürli şäherlerinde protestler bilen baglanyşykly ýagdaýlara syn etdiler.

Ýöne Siriýanyň ýerli aktiwistleri we käbir halkara guramalary Arap Ligasynyň synçylar toparynyň bu saparynyň Siriýadaky protestçilere garşy hökümetiň ýarag ulanmasynyň öňüni alyp bilmändigini aýdyp, bu ýagdaýy berk tankyt etdiler.

Siriýanyň oppozisiýasy Arap Ligasyny synçylaryň bu saparyny şowsuz sapar diýip boýun almaklyga hem-de Siriýa bilen baglanyşykly meseläni Birleşen Milletler Guramasynyň garamagyna geçirmeklige çagyrdy.
XS
SM
MD
LG