Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Panetta: Eýran Ormuz bogazyny baglasa, ABŞ gaýtargy berer


Eger Eýran strategiki ähmiýetli Ormuz bogazyny ýapmaga synansa, Birleşen Ştatlar muňa gaýtargy berjegini aýdýar.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Leon Panetta CBS telekanalyna beren gürrüňinde beýle hereketiň “gyzyl çyzykdan” geçmek boljakdygyny aýtdy.

Mundanam başga, ABŞ-nyň Goşma serkerdeler ştabynyň başlygy, general Martin Dempsiý hem “Face the Nation” atly gepleşikde “Birleşen Ştatlar herekete geçer we bogazlary gaýtadan açar” diýdi.

Bu pikirler Eýranyň Ýewropa Bileleşigi eýran nebitine gadaganlyk girizse, bogazy ýaparyn diýip atan haýbatyndan soň aýdylýar.

Günbatar Eýrany ýadro ýaragyny edinjek bolmakda aýyplaýar, Tähran muny inkär edýär.
XS
SM
MD
LG