Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Täze ýyly çagalar üçin film festiwaly bilen belleýär


“Türkmenistan” kinokonsert merkezinde, 7-nji ýanwar.

“Türkmenistan” kinokonsert merkezinde, 7-nji ýanwar.

7-nji ýanwarda Aşgabadyň “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde gurnamagynda çagalar üçin filmleriň gyşky görkezilişiniň Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan festiwaly geçirildi.

618 tomaşaça niýetlenen zalda ir sagat 11-de, günortan sagat 15-de hem-de agşam sagat 18-de görkezilen amerikan filmleriniň tomaşaçysy ýeterlik boldy. Filmere tomaşa etmäge gelýänler diňe bir çagalar bolman, dürli ýaşdaky adamlar muňa gyzyklanma bildirdiler.

Özüniň sekiz hem-de on ýaşly iki sany agtygy bilen filmlere tomaşa etmäge gelen aşgabatly pensioner 60 ýaşly Aýna daýza özünde we agtyklarynda filmleriň ýakymly täsir galdyrandygyny aýdýar:

—Ir sagat 11-de görkezilen “Demirgazyk guşaklykdan gelen ekspres” filmine agtyklarym bilen tomaşa etmäge geldim. Kinofilm çagalara örän ýarady. Sagat 15-däki “Santa Klausyň ýanyna uçuş” hem-de agşam sagat 18-däki görkeziljek “Täze ýyl wakasy” filmleriniň görkeziljek wagtyna çagalar örän howlukdylar. Olar öz dostlaryna hem jaň edip, gyzykly filmleri görmäge çagyrdylar. Giň ekranly amerikan filmleri diňe çagalar üçin däl, ulular üçin hem örän gyzykly we täsirli. Özüňi ertekiler dünýäsine syýahat eden ýaly duýýarsyň. Täze ýyl baýramçylygynda iň gowy täsirler bizde şu festiwaldan galdy. Amerikaly dostlarymyz ýygy-ýygydan şular ýaly filmleri bize hödürläp dursalar, biz oňa hemişe tomaşa etmäge gelerdik.




Festiwalyň dowamynda: “Biziň Aşgabatda geçirýän çagalar üçin filmleriň gyşky görkezilişine köp sanly tomaşaçylar, şol sanda köp sanly çagalar geldiler. Bu bizi örän begendirdi” diýip, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň maglumat we medeniýet bölüminiň wekili Uiliýam Stiwens söhbetdeşlikde aýtdy.

Häzirki kinofestiwal Aşgabatda geçirilýän ilkinji şeýle çäre bolup durýar. Ilçihananyň berýän maglumatyna görä, çäre 4-nji ýanwarda Mary welaýatyndan başlanypdyr. Jenap Stiwens bu festiwalyň galan günleriniň welaýat merkezlerinde geçiriljekdigini belledi.

—Şu ýylyň dowamynda biz öz medeni alyş-çalyş çärelerimizi dowam etdireris diýip ynanýaryn. Biziň Waşingtondaky kärdeşlerimiz medeni alyş-çalyş çärelerimiziň şu ýyldaky ilkinji ädimleriniň ýylyň dowamynda iki ýurduň arasynda has hem artjakdygyna umyt baglaýarlar. Biz Amerikada Türkmenistanyň medeni günlerini geçirmegi hem planlaşdyrýarys —diýip, Uiliýam Stiwens aýtdy. —Biz Türkmenistanyň halkyna iň gowy arzuwlarmyzy ýetirýäris. 12-nji fewralda geçiriljek Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlarynyň örän gowy geçmegini arzuw edýäris. Biziň medeni alyş-çalyş çärelerimiziň çäginde geçirýän medeni çärelerimize ilatyň gyzyklanmasy artar diýip, umyt edýäris. Munuň üçin bizde ähli serişdeler hem mümkinçilikler ýeterlik.

Kinofestiwala Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi jenap Robert Patterson hem gatnaşdy.

Soltan Açylowa azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG