Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Amerikan deňizçileri ýene eýranlylary halas etdi


ABŞ-nyň gämileri bir hepde içinde ikinji gezek deňizde kyn ýagdaýa düşen eýranlylara kömege ýetişdi.

Pentagon ABŞ-nyň kenar goragçylarynyň Pars aýlagynda ýük gämisi döwlen alty eýranlyny halas edendigini aýdýar. Eýran deňizçileriniň biri ýangyn ýarasyndan bejergi alýan eken.

Amerikan güýçleri biraz soň bu alty eýranlyny Eýranyň kenar goragçy gämisine gowşurypdyr.

ABŞ deňizçileri geçen hepde öz balykçy gämilerinde somali garakçylary tarapyndan zamun alnan 13 eýranlyny halas edipdi.

Amerikan resmileri şonda deňizçi güýçleriň eýran balykçylaryna öýlerine barýançalar ýeter ýaly ýangyç we azyk berendiklerini aýtdylar.
XS
SM
MD
LG