Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda dartgynlyk güýçlenýär, prezident Dubaýa gitdi


Pakistanda harbylar bilen graždan hökümetiň arasyndaky dartgynlyklaryň barha ýokarlanýan wagtynda prezident Asif Ali Zardari Dubaýa hususy sapara gitdi.

Hökümet bilen ýaragly güýçleriň arasyndaky soňky dartgynlylyk Birleşen Ştatlardan harbylary jylawlamaga kömek soralyp ýazylan hat sebäpli döräpdi.

Çarşenbe güni, premýer-ministr Ýusuf Raza Gilani bir interwýuda harby liderleri tankytlandan soň, harbylar “munuň çynlakaý ýagdaýlara getirip biljek agyr netijeleriniň bolmak ähtimallygyny” duýdurdy.

Şularalykda Gilani öz goranmak sekretaryny işden boşatdy. Şeýle-de Gilani şenbede hökümetiň goranmak komitetiniň ýygnagyny geçirýär, oňa goşunyň başlygy hem gatnaşmaly.
XS
SM
MD
LG