Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýran bilen söwda edýän has kän firma sanksiýa girizýär


Birleşen Ştatlar Eýran bilen ilteşikli energiýa firmalarynyň ýene üçüsine garşy sanksiýa girizdi. Ol firmalar Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki Žuhai Ženroň kompaniýasy, Singapuryň Kuo Oýl Pte. Ltd kompaniýasy we Birleşen Arap emirliklerinde ýerleşýän FAL Oýl kompani Limiteddir.

Bu sanksiýa esasynda ady agzalan üç komapniýa Birleşen Ştatlaryň eksport ygtyýarnamasyny bermek, ABŞ-nyň eksport import bank maliýeleşdirmesi, ABŞ-nyň maliýe guramalaryndan 10 million dollardan artyk karz bermek gadagan edilýär.

Biraz öň, ABŞ-nyň sanksiýalaryna jogap edip, Tokio hem özüniň Eýrandan alýan çig nebitiniň möçberini kem-kemden azaltjagyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG