Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýda şäher ilatynyň sany obalardaky ilat sanyndan geçdi


Hytaýyň taryhynda ilkinji gezek şäherlerde ýaşaýan ilatyň sany obalardaky ilatyň sanyndan geçdi.

Hytaýyň milli statistika edarasynyň ýaýradan maglumatyna görä, 2011-nji ýylyň ahyryna çenli ýurduň ilatynyň 51 prosentden gowragy şäherlilerden ybarat bolupdyr.

Hytaýyň obalaryndaky ykdysady kynçylyklar sebäpli oba ýerlerinde ýaşaýanlar has köp girdejili işleriň gözleginde obalary terk edýärler.

Geçen ýyl Hytaýyň ykdysadyýeti 9 prosentden gowrak ösdi. Soňky statistiki sanlara laýyklykda, häzirki wagt Hytaýda 1 milliard 340 million adam ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG