Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz türmelerinde nägilelik güýçlenýär


Bişkegiň 1-nji derňew izolýatorynyň ýanynda tussaglaryň dogan-garyndaşlary protest aksiýasynda. Bişkek, 16-njy ýanwar, 2012.

Bişkegiň 1-nji derňew izolýatorynyň ýanynda tussaglaryň dogan-garyndaşlary protest aksiýasynda. Bişkek, 16-njy ýanwar, 2012.

Bişkegiň 1-nji deslapky tussaghanasynda saklanýan tussaglaryň garyndaşlary parlamentiň öňüne mitinge çykdylar. Olar metbugat konferensiýasyny geçirip, 1-nji derňew izolýatorynyň işgärleriniň berýän maglumatynyň hakykata laýyk gelmeýändigini aýtdylar.


18-nji ýanwar güni öýlän parlamentiň deputatalary 1-nji deslapky tussaghananyň başlygy Şeýşenbek Baýzakowyň maglumatyny diňlediler. Şol aralykda Gyrgyzystanyň birnäçe türmelerinde we deslapky tussaghanalarynda tussaglaryň açlyk yglan edýändigi mälim boldy.

Açlyk yglan eden tussaglar deslapky tussaghanalaryň we türmeleriň işgärleriniň hereketinden närazylyk bildirýärler.

Bişkegiň 1-nji derňew izolýatorynyň işgäri Žoldoşbek Buzurmankulow Gyrgyzystanyň birnäçe türmesinde we deslapky tussaghanasynda tussaglaryň 18-nji ýanwar güni öýlän açlyk yglan edendiklerini tassyklady.

Ol “Dogrusyny aýtsam, tussaglar türmeleriň hemmesinde diýen ýaly açlyk yglan etdiler. Tussaglar adamyň aklyna gelmejek zatlary talap edýärler. Meselem, 1-nji derňew izolýatorynda bir kameranyň gapysyny açyp goýmagymyzy talap edýärler. Şondan başga talaplary ýok” diýip, ýagdaýy düşündirdi.

“Hakykata laýyk gelmeýär”

1-nji derňew izolýatorynda 16-njy ýanwarda bolan bulagaýçylykda urlup-ýenjilen tussaglaryň hossarlary çarşenbe güni metbugat konferensiýasyny geçirip, deslapky tussaghananyň işgärleriniň berýän maglumatlarynyň hakykata laýyk gelmeýändigini aýtdylar.

Bu hakda aklawçy Ýeseniýa Ramazanowa şeýle diýdi: “Tussaglar derňew izolýatorynda galmagalyň nämeden başlanyny bilmeýärler. Sebäbi irden ýagdaý adatdakysy ýaly ümsüm bolupdyr. Emma sagat dokuz töwereginde ýörite operasiýa başlanypdyr. Hiç hili närazyçylyk, hiç hili açlyk aksiýasy bolmandyr. Irden barlag geçirilipdir. Soňra polisiýanyň ýörite güýçleri tussaglary koridorda düzüp, urup başlapdyrlar. Şondan soň tussaglar närazylyk bildirip, gan damarlaryny kesipdirler”.

16-njy ýanwardaky gozgalaňda 1-nji derňew izolýatorynda saklanýan Nurbek Alymbaýew atly tussag ölüpdir. Tussagyň özünden uly aýal dogany Fatimanyň sözlerine görä, olar 16-njy ýanwarda Alimbaýewiň aklanyp, azatlyga goýberilmegine garaşypdyrlar.

Fatima öz doganynyň urlup-ýenjilmekden ölendigini aýdýar: “Biz häzir meýithanada. Jigimiziň jesedini gördük. Bedeni gök-ala. Urlup-ýenjilmekden ölüpdir. Jigim azatlyga çykaryn diýip, begenip ýördi. Urupdyrlar. Soňra keselhana-da alyp gitmändirler. Keselhana salan bolsalar, belki, ölmezdi”.

Resmiler başgaça düşündirýärler

Çarşenbe güni öýlän parlamentde türmelere gözegçilik edýän bölümiň başlygy Şeýşenbek Baýzakow maglumat berip, 16-njy ýanwarda 1-nji derňew izolýatorynda tussaglaryň goh turzandyklaryny, ýörite operasiýanyň düzgüne laýyk geçirilendigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, irden tertip-düzgüne laýyk barlag geçirilenden soň, tussaglar galmagal turzupdyrlar: “Barlag gowy geçdi. Barlagyň dowamynda tussaglardan 5 pyçak, 169 gram neşe, 39 sany jübi telefony, 1200 amerikan dollary konfiskasiýa edildi. Şondan soň ýörite güýçler koridora çykanlarynda, tussaglar gapylaryny döwüp çykdylar. 20 gapyny döwdüler. Binanyň üç gatyndan jemi 500 tussag boşap çykdy. Olar biziň dört işgärimiziň üstüne gyzgyn suw guýup, olary ýençdiler”.

Baýzakowyň sözlerine görä, deslapky tussaghanadaky tussaglar Damir Saparbaýewiň 50-nji türmä geçirilmegine garşylyk bildiripdirler. Ol Saparbaýew deslapky tussaghanadaky jenaýatçylaryň toparyna ýolbaşçylyk edýär diýip hasaplaýar. Şeýle-de, ol ölen Nurbek Alymbaýewiň ýüreginiň ejizliginden we neşekeşlikden ölendigini öňe sürdi.

Şeýşenbek Baýzakow bu ýagdaý boýunça derňew we analiz işleriniň dowam etdiriljekdigini aýtdy: “Onuň jesedini açyp gördüler. Indi gistologik analiz etmeli, ýagny dokumalarynyň gurluşyny barlamaly. Onuň kellesinde ýa-da süňklerinde hiç hili urlan ýa döwlen ýeri ýok. Böwregi, bagry kesel eken. We elinde iňňäniň yzlary bar”.

Deputatlar AIDS keseline ýolugan tussagyň beýlekiler bilen bir kamerada saklanmagynyň näderejede kanuna laýykdygyny soradylar. Baýzakow käbir türmeleriň ýolbaşçylarynyň mundan ozal jenaýat dünýäsi bilen ýakyn gatnaşykda bolandygyny, beýle bikanun işleri duruzmagyň uly garşylyga uçraýandygyny aýtdy.

Gyrgyzystanyň ombudsmany Tursunbek Ahun türme işgärleriniň hereketini ýerliksiz diýdi. Parlamentiň geneşinde ol munuň halkara normalara gabat gelmeýändigini aýtdy: “General Baýzakow tussaglary gorkuzmakçy bolana meňzeýär. Tussaglary uranlarynda, koridoryň hemme ýeri gana boýalypdyr. Bu ýagdaý halkara standartlara gabat gelmeýär”.

Parlamentde türmelerdäki ýagdaýlar maslahatlaşylan wagtynda parlamentiň binasynyň önüne 1-nji deslapky tussaghanadaky tussaglaryň hossarlary närazylyk aksiýasyna çykdylar. Olaryň biri Elizat. Ol: “Ýigitleri hiç hili sebäpsiz urup, gaz bilen zäherlediler. Näçe adamyň saglygy bejerilmän, umuman, seredilmän ýatyr” diýdi.
XS
SM
MD
LG