Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbe güni Eýrana garşy täze sanksiýalar girizilmegi mümkin


Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri şu geljek duşenbe güni Eýranyň öz ýadro programmasyndan ýüz öwürmegi üçin oňa garşy sanksiýalary güýçlendirmegi mümkin.

Penşenbe güni Fransiýanyň daşary işler ministri Alen Jýuppe Parižde Awstraliýanyň daşary işler ministri Kewin Radd bilen duşuşygyndan soň: “Eýranyň režimini başga ugur boýunça ösmäge mejbur etmek üçin, biziň pikirimizçe, sanksiýalary güýçlendirmek gerek” diýip, çykyş etdi.

Ýakynda Halkara Atom agentligi Eýranyň ýadro programmasy baradaky dokladyny çap edenden soň, günbatar ýurtlary Eýrana gysyşlaryny güýçlendirýärler. Şol dokladda Eýranyň gizlin ýadro ýaragyny taýýarlaýan bolmagynyň mümkindigi aýdylýar. Tähran bu çaklamany inkär edýär.
XS
SM
MD
LG