Sepleriň elýeterliligi

Amyderýa owgan türkmenlerini köseýär


Muhammet Nazar Newit: “Derýa milletiň howlularyny, ýerlerini alyp gitdi. Döwlet elinden gelen ýardamyny edýär. Ýöne az zat bilen ol ýitgä çäre edip bolmaýar".

Muhammet Nazar Newit: “Derýa milletiň howlularyny, ýerlerini alyp gitdi. Döwlet elinden gelen ýardamyny edýär. Ýöne az zat bilen ol ýitgä çäre edip bolmaýar".

Demirgazyk Owganystanda ýaşaýan türkmenileriň köpüsi Amyderýanyň boýlarynda ýaşaýarlar. Ýöne Jeýhun derýa her ýylda joşup, öz kenaryny opuryp, ýerli ýaşaýjylara mydama zyýan ýetirýär.

Golaýda Owganystanyň Garkyn we Hamýap etraplarynyň ýaşaýjylarynyň ýüzlerçe gektar oturymly ýerini derýanyň suwy basdy. Bu hakda Garkyn etrabynyň häkimi Muhammet Nazar Newit şeýle diýdi: “Derýa milletiň howlularyny, ýerlerini alyp gitdi. Döwlet elinden gelen ýardamyny edýär. Ýöne az zat bilen ol ýitgä çäre edip bolmaýar. Derýa 50, belkem, 100 hojalygyň mellek ýerlerini we öýlerini alandyr. Ol ýerden göçenlerem bar, çägä çykyp, özlerine çatma gurnup oturanam bar. Garyndaşlarynyň ýanyna baryp oturanlaram bar. Çadyryň astynda oturanam bar”.

Kömek berilýändigi aýdylýar, emma…

Ýerli ýaşaýjylardan biri Halyma daýzanyň hem ekin ýerini we mal ýatagyny Amyderýanyň suwy ýuwdupdyr. Ol: “Derýa ýerimizi aldy. Ine, hiç kim kömek edenok. Hiç kim gapymyzdan garanok. Uluja oglum on iki ýaşynda. Adamym öldi. Üç sany oglum galdy. Jaýymyz bolsa gidip barýar derýa. Alajym ýok. Mal ýatagymyz, howlymyz gitdi güwläp. Maňa hiç kim kömek bermese, haly dokaýan dokmamy nirä süýrejegimem bilemok” diýip, zeýrendi.

Jeýhun derýa her ýylda joşup, öz kenaryny opuryp, ýerli ýaşaýjylara mydama zyýan ýetirýär.

Jeýhun derýa her ýylda joşup, öz kenaryny opuryp, ýerli ýaşaýjylara mydama zyýan ýetirýär.

Jöwüzjan welaýatynyň welaýat geňeşiniň agzasy Abdyl Kadyr Malýanyň aýtmagyna görä, ýerini derýa aldyran adamlar üçin kömek soralyp, hökümete ýüz tutulypdyr.

Ol bu hakda şeýle diýdi: “Garkynyň ýerini birnäçe wagtdan bäri derýa alýar. Mundan alty aý öňem şu ýere kömek edipdik. Ol kömegi Oba-hojalyk we maldarçylyk ministrligi beripdi. Hamýapda 700 hojalyga kömek berlipdi. Bugdaý, beýleki azyk önümleri berlipdi”.

Deputat Abdyl Kadyr Malýa mundan bir ýyl öň ýerini derýa aldyran adamlara-da kömek berlendigini yatlap, “Mundan bir ýyl owal hem ýerini derýa alan adamlara kömek berildi. Çadyrlaram berlipdi, kömegem edilipdi. Biz bir delegasiýa bolup, şol ýerleri görmek üçin, Garkyn etrabyna gitjek bolup durus” diýip, telefion arkaly söhbetdeşliginde mälim etdi.

Türkmenistandan kömege umyt edýärler

Garkyn etrabynyň oba arçyny Gulam Resulyň aýtmagyna görä, Owganystanyň hökümeti olara heniz kömek etmändir. Belki, Türkmenistan ýardam eder diýip, ol umyt edýär.

“Türkmenistandan örän uly umydymyz bar. Berdimuhamedow dünýä türkmenleriniňem başlygy. Biz şondan köp umyt edýäris. Onsoňam Türkmenistan biziň goňşymyz. Hemsaýa bolsa kyýamat gününde-de adama golaý bolmaly diýýärler. Hemme umydymyz goňşy-hemsaýamyzdan. Türkmenistan bir kömek edäýermikä diýip garaşýas” diýip, Gulam Resul umyt bildirdi.

Türkmenistan käbir ugurlar boýunça mundan öň owgan halkyna, aýratyn-da owgan türkmenlerine ynsanperwer kömeklerini beripdi. Ýerli türkmenler bu kömeklerden özleriniň Türkmenistanyň prezidentine minnetdardyklaryny aýdýarlar.

Garkyn etrabynyň oba arçyny Gulam Resul sözüniň üstüni ýetirip, “Türkmenistan biziň Garamgol etrabymyzda Saglyk merkezini-de açyp berdi. Gazaply gyş aýlarynda bize iýmit-azyk kömegini-de etdi. Türkmenistanyň ýardamyndan biz juda hoş. Ýöne häzir şu ýerde ýüz maşgalanyň ýerini derýa aldy. Olaryň aýallary-agalary syňsyraşyp otyrlar. Türkmenistan başynda penasy bolmadyk bu ýerdäki adamlara çadyr berse ýa iýmit kömegini etse diýip, hemmämiz umyt bilen garaşýas” diýip, umydyny mälim etdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG