Sepleriň elýeterliligi

Gazak parlamentiniň deputatlary deputatlyga kasam etdiler


Anna güni Gazagystanyň täze saýlanan parlamenti özüniň ilkinji mejlisini geçirdi. Mejlisiň açylyş çäresinde parlametiň düzümindäki üç partiýanyň deputatlary resmi ýagdaýda deputatlyga kasam kabul etdiler.

Prezident Nursoltan Nazarbaýew bu inagurasiýa çäresinde çykyş edip, köp partiýaly parlamentiň ýurduň postsowet döwründäki taryhynda täze bir eýýämdigini nygtady.

Geçen ýekşenbe güni geçirilen parlament saýlawlarynda Nazarbaýewiň “Nur otan” partiýasy 107 orunlyk parlamentde 83 ýeri almagy başardy. Mundan başga-da, parlamente “Ak žol” we “Milli kommunist partiýasynyň” wekilleri girdi.
XS
SM
MD
LG