Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň paýtagty Kairde anna güni çaknyşyklar boldy


Müsüriň paýtagty Kairde anna güni “Musulman doganlygy” yslam hereketiniň tarapdarlary bilen dünýewi döwlet ugrunda çykyş edýänleriň arasynda çaknyşyk boldy.

Çaknyşyk prezident Hosni Mubaregiň režimini agdaran 25-nji ýanwar halk gozgalaňynyň bir ýyllygyna bagyşlanyp, şäheriň merkezinde geçirilýän birnäçe müň adamly miting dowam edýän wagty boldy.

Analitikler bu çaknyşygyň dini däl-de, ýurtdaky syýasy oňşuksyzlyk sebäpli bolandygyny aýdýarlar.

Çepçiler we dünýewi döwlet ugrunda çykyş edýänler häzir ýurdy dolandyrýan Ýokary harby geňeşiň eglenmezden häkimiýetden çekilmegini talap edýärler.

“Musulman doganlygy” häkimiýeti ýuwaş-ýuwaşdan graždan institutlara tabşyrmak baradaky planyny harbylaryň amala aşyrmagyny isleýärler.
XS
SM
MD
LG