Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanly pälwanlar iki altyn medal aldylar


Şu hepde Belarusyň Witebsk şäherinde erkin göreş boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşynda türkmenistanly sportsmenler iki altyn medala we bir bürünç medala mynasyp boldular.

Hususan-da, postsowet ýurtlarynyň birnäçesinden sportsmenleriň gatnaşmagynda geçirilen bu ýaryşda 54 kilograma çenli agramlyk kategoriýasynda K.Hojakow öz garşydaşlarynyň bäşisinden üstün çykyp, altyn medala eýe boldy.

58 kilogram agramlyk kategoriýasynda çykyş edýän Ş.Begjanow bolsa, altyn medala eýe bolmak üçin öz garşydaşlarynyň dördüsinden üstün çykmaly boldy.

Türkmenistanly sportsmenlerden ýene biri B.Ýarmämmedow 63 agramlyk kategoriýada bürünç medaly almagy başardy.
XS
SM
MD
LG