Sepleriň elýeterliligi

Siriýa baradaky rezolýusiýa weto goýuldy


"Rezolýusiýanyň taslamasyna Orsýet bilen Hytaýyň weto goýmagyny Birleşen Milletler Guramasynyň we Günbatar ýurtlaryň resmileri berk tankyt etdiler".

"Rezolýusiýanyň taslamasyna Orsýet bilen Hytaýyň weto goýmagyny Birleşen Milletler Guramasynyň we Günbatar ýurtlaryň resmileri berk tankyt etdiler".

Şenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Orsýet bilen Hytaý Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň wezipesinden çekilmegini talap edýän rezolýusiýanyň kabul edilmegine weto goýdular.

Nýu-Ýorkda geçirilen bu maslahatda Howpsuzlyk Geňeşiniň ähli beýleki 13 agzasy, şol sanda Birleşen Ştatlar, Fransiýa we Britaniýa bu rezolýusiýanyň taslamasyny goldap ses berdiler. Ýöne Orsýet bilen Hytaýyň razylygy bolmazdan, bu rezolýusiýanyň taslamasy kabul edilmeýär.

Arap Ligasynyň parahatçylyk baradaky planlaryny goldaýan bu rezolýusiýanyň taslamasy Siriýada geçiş hökümetini döretmekligi öňe sürmekden daşary, bu ýurduň häkimiýetleriniň adam hukuklarynyň iň bir fundamental prinsiplerini bozýan giň gerimdäki kampaniýasyny-da berk ýazgarýar.

Orsýet we Hytaý aladalary artdyrdy

Rezolýusiýanyň taslamasyna Orsýet bilen Hytaýyň weto goýmagyny Birleşen Milletler Guramasynyň we Günbatar ýurtlaryň resmileri berk tankyt etdiler.

Homs şäheriniň eteginde hökümet güýçleriniň protestçilere garşy geçiren operasiýasyndan soňky görnüşlerden biri. Homs, 3-nji fewral, 2012.

Homs şäheriniň eteginde hökümet güýçleriniň protestçilere garşy geçiren operasiýasyndan soňky görnüşlerden biri. Homs, 3-nji fewral, 2012.

BMG-niň metbugat sekretary Martin Nesirki BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň sözlerine salgylanmak bilen, Siriýanyň häkimiýetlerine halkara jemgyýetçiliginiň agzybirlikli sesini eşitdirmeli wagty bu goýlan wetonyň “Birleşen Milletler Guramasynyň we halkara jemgyýetçiliginiň oýnamaly rolunyň ähmiýetini pese düşürýändigini” nygtady.

Hytaýyň we Orsýetiň resmileri rezolýusiýanyň taslamasynda öňe sürülýän talaplar barada entek oýlanyşylmalydygyny mälim etdiler.

Şenbe güni Germaniýanyň Mýunhen şäherinde howpsuzlyk meselesi boýunça geçirilen konferensiýanyň çäklerinde eden çykyşynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Siriýa baradaky rezolýusiýa babatynda Orsýet bilen umumy bir dil tapmaklygyň örän kyndygyny nygtady.

Ol “Siriýadaky iň bir ganly wakanyň bolan gününden soň hem, dünýä jemgyýetçiliginiň bu wakalary ýazgarmagynyň öňüni aljak bolýan adamlaryň bardygyny göz öňüne getirmek kyn. Meniň ol adamlardan sorasym gelýär: Howpsuzlyk Geňeşinde indi aýgytly ädim ätmek üçin bize ýene näme ýetenok?” diýip, özüniň aladasyny mälim etdi.

Näme etenok?

Orsýet bilen Hytaý Siriýadaky gandöküşiklere garamazdan, indi köp wagtdan bäri Siriýa babatynda aýgytly çäreleri göz öňünde tutýan rezolýusiýalaryň kabul edilmegine garşy çykyş edip gelýärler.

Bu gezek hem Orsýetiň resmileri, şol sanda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem Siriýa barada ara alnyp maslahatlaşylan dokumentiň Siriýadaky içerki graždanlyk urşunda “haýsydyr bir toparlaryň tarapyny tutmak bilen, tarapgoý pozisiýany öňe sürýändigini” aýdyp, bu dokumenti edil häzirki görnüşde kabul edip bolmajakdygyny öňe sürdüler.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Siriýa baradaky rezolýusiýanyň taslamasyna Orsýet bilen Hytaýyň weto goýmazynyň edil bir gün öňýany, anna güni siriýaly aktiwistler ýurduň Homs şäherinde 230-dan gowrak adamyň hökümet güýçleri tarapyndan öldürilendigini habar berdiler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG