Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň saýlaw nokatlarynda konsert gurnalar


12-nji fewralda Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlarynda ýurduň ähli saýlaw nokatlarynda janly aýdym-saz konserti gurnalar.

Bu barada ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni geçiren hökümet maslahatynda wise-premiýer Maýsa Ýazmuhammedowa görkezme berdi.

Medeni çäreler “saýlawlaryň ähmiýetini artdyrar hem-de adamlaryň ruhyny göterer” diýip, TDH gullugynyň maglumatynda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG