Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň “tagta ýelmenen Homeýnisi” tankyt edilýär


Homeýniniň 1979-njy ýylda 14 ýyllyk sürgünlikden soň Eýrana dolanmagynyň nobatdaky ýyl dönümine gabatlap, 1-nji fewralda geçirilen dabaralarda ýüze çykdy.

Homeýniniň 1979-njy ýylda 14 ýyllyk sürgünlikden soň Eýrana dolanmagynyň nobatdaky ýyl dönümine gabatlap, 1-nji fewralda geçirilen dabaralarda ýüze çykdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň esaslandyryjysy aýatolla Ali Homeýniniň gyrkylyp, tagta ýelmenen suratynyň dürli dabaralarda görkezilmegine degişli waka Eýranda gopgun turuzdy we berk ýazgaryldy.

Bu wakalar, 1989-njy ýylda ýogalan Aýatolla Ali Homeýniniň 1979-njy ýylda 14 ýyllyk sürgünlikden soň Eýrana dolanmagynyň nobatdaky ýyl dönümine gabatlap, 1-nji fewralda geçirilen dabaralarda ýüze çykdy.

Häkimiýet resmileri merhum Homeýniniň tagta ýelmenen suratyny onuň 33 ýyl mundan ozal ýurda dolanyp gelşini gaýtadan görkezmek maksady bilen sahnalaşdyrmak üçin ulandylar. Şol dabaralarda ulanylan suratlaryň birinde Homeininiň şekili göterilip uçardan düşürilýär. Bu çäre harbylaryň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda geçirilýär.

Ýene bir suratda ýurduň resmileri Homeýnini şekillendirýän suratyň daşynda oturyp, çaý başynda söhbet edýärler.

Tankytlar

Eýranyň öňki prezidenti Ali Akbar Haşemi Rafsanjany tankyt bilen çykyş eden ýokary derejeli eýran resmileriniň biri boldy. 4-nji fewralda eden çykyşynda Rafsanjany şeýle ýagdaýda Homeýniniň suratlarynyň Eýran Yslam Respublikasynyň “duşmanlary” tarapyndan ulanylmagynyň ähtimaldygyny belledi.

“Nemets Tolkuny” radiosynyň maglumatyna görä, Rafsanjany döwlet edaralary Homeýniniň suratlaryny görkezmek ýaly “hil taýdan gowşak” çärelerden el çekmeli diýip pikir edýär.

Eýranyň syýasy wekilleriniň köpüsi Homeýniniň suratlary bilen bagly wakalary tankyt etdiler we olary “ýakymsyz”, “zyýanly” we “gynandyryjy” diýip atlandyrdylar. Eýranly deputat Muhammet Reza Tabeş bu suratlaryň Eýran yslam rewolýusiýasynyň we Homenýniniň tarapdarlaryna dil ýetirýänligini belledi.

Homeininiň agtygy Hojatoleslam Morteza Eşraghi babasynyň suratlaryny ulanmak bilen geçirilen dabaralaryň guramaçylarynyň ötünç soramaklaryny talap etdi.

Eýranyň käbir habar serişdeleri hem nägilelik bildirdiler. Hususan-da, “Mardomsalari” gazeti Homeýnini ýatlamak boýunça wakalaryň geçirilişine Eýran yslam rewolýusiýasyna duýduryş hökmünde garalmalydygyny ýazdy.

Eýranyň döwlet telewideniýesi bolsa bu çäreleri geçirmek ýaly ideýalaryň öňüni almagyň zerurlygyny öňe sürdi. Telewideniýede, hususan-da, şeýle “döredijiligiň” öňi alynmasa, soňunyň erbet boljakdygy bellendi.

Degişmeler

Homeýniniň suratlary bilen bagly waka ilat arasynda degişmeleriň döremegine getirdi. Resmi suratlara edilýän parodiýa-öýkünmeler interneti gurşap aldy.

“Kagyzdan ýasalan Homeýni” atly internet blogy ýasama Homeýniniň soňky döwürde dünýäde bolan wakalara gatnaşýanlygyny görkezýän 20-den gowrak suraty çap etdi. Bu ýerde merhum aýatolla Homeýniniň Aýa syýahat edýänligini ýa-da onuň Demirgazyk Koreýanyň geçen ýylda ýogalan ýolbaşçysy Kim Çen Iriň jaýlanyş dabarasyna gatnaşýanlygyny görmek mümkin.

Ýasama Homeýniniň “Facebook” ulgamynda hem sahypasy bar. Bu sahypada Homeýni barada şygarlara degişli ýaňsylamalar we suratlar ýerleşdirilýär.
XS
SM
MD
LG