Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada sowukdan ölýänleriň sany öýsüzleriň halyndan habar berýär


Sosial işgärler we beýleki ekspertler, sowuk howanyň dowam edýändigine salgylanyp, öýsüz-öwzarsyzlara ymykly galara we ýatara ýyly ýerler döredilmese, sowukdan ölenleriň sany häzirki 135-den has artar diýip, duýduryş berýärler.
Sosial işgärler we beýleki ekspertler, sowuk howanyň dowam edýändigine salgylanyp, öýsüz-öwzarsyzlara ymykly galara we ýatara ýyly ýerler döredilmese, sowukdan ölenleriň sany häzirki 135-den has artar diýip, duýduryş berýärler.
Saçy-sakgaly agaran, ýüzi ýellenen Iwan Brilýuk, 45 ýaşynda bolsa-da, köp mähneti arka atan garry adama meňzeýär. Ol Ukrainanyň öýsüz-öwzarsyzlarynyň biri. Sosial guramalaryň işgärleri sany 100 müňlerçe bolan bu adamlaryň häzirki sowukdan hemmeden köp ejir çekýändiklerini aýdýarlar.

Brilýuk beýlekilere garanda az-kem bagtly. Ol häkimiýetleriň temperaturany minus 30 gradusa inderen sowuk sebäpli guran ýüzlerçe ýyly çadyrynyň birine gelipdir. Birnäçe ýyl mundan ozal aýaly öýden kowup, öýsüz-öwzarsyzlaryň hataryna goşulan Brilýuk özüniň bu ýönekeýje rahatlyga-da şükür edýändigini aýdýar:

—Bize iň bolmanda - Gulagdaky ýaly - bir külbe, bir ýyly ýer, az-kem rahatlyk ber. Ýuwunara, sakgal syryp, arassalanara bir ýer ber. Meniň pulum ýok, hiç bir zadym ýok. Nähili ýagdaýdadygymy özüň görýärsiň. Biz bu döwlete gerek bolsak, işläre iş isleýäris.

Ýöne Brilýugyň ýylanmaga gelen çadyrynda diňe sanlyja oturgyç bar. Bir sagat geçer-geçmezden ol ýene Kiýewiň sowuk köçelerine dolanmaly.

Häkimiýetler tutuş ýurtda ýylynmaga üç müňden agdyk şular ýaly stansiýa gurupdyrlar. Bu ýerlere gelýänlere nahar hem çaý berilýär. Ýöne sosial işgärler we beýleki ekspertler, sowuk howanyň dowam edýändigine salgylanyp, öýsüz-öwzarsyzlara ymykly galara we ýatara ýyly ýerler döredilmese, sowukdan ölenleriň sany häzirki 135-den has artar diýip, duýduryş berýärler.

Ukrainanyň öňki Zähmet we sosial syýasat ministri Lýudmila Denisowanyň aýtmagyna görä, öýsüz-öwzarsyzlaryň köpüsi bular ýaly ýerleriň özleri üçin döredilendigini bilenoklar. Ol: "Häkimiýetler aýlanyp, bu adamlary ýygnamaly. Bu adamlar sowukda doňup galýarlar" diýýär.

Ukrainada sowukdan ölenleriň sany Orsýetde, Polşada we Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda ölenleriňkiden köp.

Oňaýsyz garalýar

Sowet döwründe öýsüz-öwzarsyz adamlar neşebentler, jenaýatkärlar bilen deň tutulýardy. Olara şindi-de "anti-sosial elementler" hökmünde garalýar. Kiýewde ýerleşýän Razumkow merkeziniň işgäri Pawlo Rozenko sosial syýasat boýunça ekspert. Onuň aýtmagyna görä, häkimiýetleriň bu krizise garşy ýeterlik çäre görmändiginiň bir sebäbi öýsüz-öwzarsyzlara oňaýsyz garalýandygy.

Resmi maglumatlara görä, Ukrainada bu adamlaryň sany 15 müň. Ýöne graždan guramalary olaryň sanyny 600 müň bilen 800 müňüň aralygynda diýip görkezýärler.

Rozenkonyň çaklamagyna görä, sowukdan ölenleriň sany resmi sanlarda berilýänlerden has ýokary:

—Hökümet statistikasynyň ölenlerň sanyny azaldyp görkezjekdigi belli zat. Häkimiýetler diňe ölenini gören adamlaryny hasaba alýarlar. Ýöne öýsüz-öwzarsyz adamlar diňe köçelerde ölýänler däl. Olar ýagdaýy ýaramaz jaýlarda, - ýylylyk we suw ýok ýerlerde-de ölýärler. Bu adamlaryň häkimiýetleriň gözüniň alnynda ölmeýändigi belli.

Ukrainanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň metbugat gullugynyň başlygy Tatýana Ýurçenko soňky hepdelerde ölenleriň aglabasynyň öz öýlerinde ýürek problemalary sebäpli aradan çykandyklaryny aýtdy.

Ýöne Brilýuk öz tanyşlarynyň sowukdan ölendigini görüpdir:

—Öýi dolandyrýan olary daşary taşlaýar. Goňşular olary daşary taşlaýarlar. Daşarda galan adam hem köçelerde doňup galýar. Ol, eýse, nirä gitsin.
XS
SM
MD
LG