Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan Gyrgyzystandan radioaktiw kömri yzyna alar


Gyrgyzystanyň resmisiniň maglumatyna görä, Gazagystanyň Kulan kömür öndürýän toplumy Gyrgyzystana satan ýüzlerçe tonna radioaktiw kömrüni yzyna almak we onuň ähli transport çykdajylaryny tölemek barada ylalaşypdyr.

Astana sapar edýän Gyrgyzystanyň elektrik stansiýalarynyň aksioner kompaniýasynyň başlygy Aman Tentiýew Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda gyrgyz we gazak resmileri bu meselede ylalaşyga geldiler we ony amala aşyrmaklygyň planyny düzýärler diýdi.

Geçen sentýabr aýynda Gyrgyzystanyň häkimiýetleri ýurda zaýalanan kömür getirilenden soň derňew işini açypdylar. Bu kömri Çuý regionynyň mekdeplerine paýlan birnäçe ýerli resmi bolsa şu aý tussag edildi.

Käbir oppozisiýadaky syýasatçylar bu işde prezident Almazbek Atambaýewi we premiýer-ministr Ömürbek Babanowy aýypladylar.
XS
SM
MD
LG