Sepleriň elýeterliligi

Assad täze Konstitusiýa boýunça referendum geçirmekçi


Çarşenbe güni Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad 26-njy fewralda ýurduň täze Konstitusiýasyna ses bermek boýunça ählihalk referendumynyň geçirilmegi barada permana gol çekdi.

Döwlet telewideniýesiniň bu baradaky maglumatynda Konstitusiýanyň täze taslamasynyň Siriýada döwletiň halk tarapyndan dolanydyrylmagyna giň ýol açýandygy aýdylýar.

Ýöne, muňa garamazdan, Siriýanyň oppozisiýa güýçleri prezident Başar al-Assadyň wezipesinden çekilmeginden başga çäräni kabul etmejekdiklerini aýdýarlar.

Bu wakanyň fonunda çarşenbe güni Siriýanyň Homs prowinsiýasynda nebit geçirijinde partlama ýüze çykdy. Ýöne bu partlama nämäniň sebäp bolandygy barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG