Sepleriň elýeterliligi

“Simpsonlar” multfilminde Julian Assanj peýda boldy


“Simpsonlar” atly dünýä meşhur multfilmiň 500-nji seriýasy görkezildi.

Multfilmiň ýekşenbe günündäki seriýasynda “Wikileaks” saýtyny esaslandyryjy Julian Assanj hem peýda boldy. “Simpsonlar” multfilminiň prodýuserleriniň aýtmagyna görä, Assanj öz sesini telefon arkaly ýazdyryp ugradypdyr.

Häzir Julian Assanj Britaniýada öý tussaglygynda saklanylýar. Onuň jynsy zorluk aýyplamalary boýunça Şwesiýa ekstradisiýa edilmegi ugrunda iş gidýär.

Mundan öň “Simpsonlar” multfilminde Maýkl Jekson, Elizabet Teýlor, Toni Bleýr ýaly meşhur şahsyýetler hem öz keşplerini seslendiripdiler.
XS
SM
MD
LG