Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda azyndan 41 adam sowukdan öldi


Owganystanda aşa sowuk sebäpli 41 adamyň ölümi hasaba alyndy. Bu barada ýurduň Saglygy saklaýyş ministrliginiň metbugat wekili Gulam Sahi Kargar habar berýär.

Maglumata görä, ölenleriň arasynda 3-4 sany çaga hem bar.

Ministrligiň aýtmagyna görä, sowukdan ejir çekýän adamlara hemaýat bermek üçin, häzir mobil keselhenalaryny döretmek ugrunda tagalla edilýär.
XS
SM
MD
LG