Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze Zelandiýada geçen ýylky ýer titremäniň pidalary ýatlandy


Täze Zelandiýada geçen ýyl bolan ýykgynçylykly ýer titreme iki minutlyk dymyşlyk bilen ýatlanyp geçildi.

2011-nji ýylda dörän ýer titremede 185 adam ölüp, esasy ýykgynçylyk Kristçörç şäherinde bolupdy.

20 müň töweregi adam Kristçörç şäheriniň merkezi meýdançasyna ýygnandy, ölen 185 adamyň ählisiniň ady okaldy.

Ýurduň premýer-ministri Jon Keý çykyş edip, şol wakanyň Täze Zelandiýanyň taryhyndaky iň gara günler hökmünde ýatlanjakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG