Sepleriň elýeterliligi

logo-print

AI: Eýranda ölüm jezasyna höküm edilenleriň sany artdy


Ynsan hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasy duşenbe güni ýaýradan hasabatynda Eýranda 2011-nji ýylyň dowamynda ölüm jezasy berlen adamlaryň sanynyň 2010-njy ýyldakydan iki esse köp bolandygyny mälim etdi.

“Amnesty International” guramasy ölüm jezasy berlen adamlaryň takyk sanyny anyklamaklygyň kyndygyny aýdyp, bu meselede diňe Eýranyň öz mediasynyň maglumatlary bilen çäklenmeli bolýandygyny belleýär.

Guramanyň bellemegine görä, 2011-njy ýylda Eýranyň mediasy 600 töweregi adama ölüm jezasynyň berlendigini habar beripdir. Bu san 2010-njy ýylda 253 bolan eken.
XS
SM
MD
LG