Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Resmi Damask referendumyň netijelerini yglan etdi


Prezident Başar al-Assad Damaskda, 26-njy fewral.
Prezident Başar al-Assad Damaskda, 26-njy fewral.
Duşenbe güni Siriýanyň döwlet telewideniýesi täze Konstitusiýanyň taslamasyny kabul etmek boýunça ýekşenbe güni geçirilen referendumda ses berenleriň 89 prosente golaýynyň bu Konstitusiýany goldandyklaryny habar berdi.

Resmi maglumata görä, bu referenduma ses bermäge hukukly ilatyň 57,4 prosenti gatnaşypdyr.

Prezident Başar al-Assadyň režiminiň sese goýan bu täze Konstitusiýasy ýurtdaky birpartiýalylyk sistemasynyň ýerine köppartiýalylyk sistemasyny döretmekligi-de şert edip goýýar.

Emma Siriýanyň oppozisiýasy bu üýtgetmeleri netijesiz hasaplap, referendumy boýkotirledi.

Bu wakalaryň fonunda siriýaly aktiwistler duşenbe güni ýurduň dürli künjeklerinde 144 adamyň öldürilendigini habar berdiler.
XS
SM
MD
LG