Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary öz wezipelerinde galdyryldy


Türkmenistanda 28-nji fewralda geçirilen Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda ýurduň prezidentiniň karary bilen täze hökümetiň düzüminde kanuny goraýjy we harby edaralaryň öňki ýolbaşçylary öz wezipelerinde galdyryldy.

Öňki bolşy ýaly, Milli howpsuzlyk ministrligine Ýaýlym Berdiýew, Goranmak ministrligine Begenç Gündogdyýew, Içeri işler ministriligine Isgender Müllikow, Adalat ministrligine Myrat Garryýew ýolbaşçylyk eder.

Ýaranmyrat Ýazmyradow baş prokuror, Amanmyrat Hallyýew ýokary sudýa wezipesinde galdyryldy. Serhet gullugynyň ýolbaşçysy Myrat Yslamow we Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçysy Annamuhammet Hojamkulyýew hem bu wezipelerdäki işlerini dowam etdirerler.

Neşä garşy göreş boýunça döwlet gullugyna Aman Garaýew, Döwlet migrasiýa gullugyna Döwrangeldi Baýramow ýolbaşçylyk eder.

Maslahatda Türkmenistanyň prezidenti ýurduň kanuny goraýjy hem harby organlarynyň jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirýändiklerini nygtady.

Emma adam hukuklary boýunça halkara guramalary raýatlaryň hak-hukuklarynyň berjaý edilmegi boýunça Türkmenistanyň dünýäde iň ýaramaz ýurtlaryň hataryndadygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG