Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň Uýgur regionyndaky çaknyşyklarda 12 adam öldi


Hytaýyň Uýgur regionynda ýüze çykan bidüzgünçiliklerde azyndan 12 adamyň öldürilendigi habar berilýär.

Hytaýyň Ksinhua habar gullugynyň beren maglumatyna görä, Kaşgar şäherinde pyçak bilen ýaraglanan topar ýerli ýaşaýjylara topulyp, 10 adamy öldüripdir. Bu ýere gelen polisiýa hüjümçilere ot açyp, olardan ikisini öldüripdir.

Bu wakanyň ýüze çykmagyna nämäniň sebäp bolandygy barada anyk maglumat berilmeýär.

Geçen ýylyň tomsunda hem bu regionda entigara konfliktler ýüze çykypdy.
XS
SM
MD
LG