Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Halkara tennis akademiýasy Türkmenistanda seminar geçirýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tennis meýdançasynda, Türkmenbaşy şäheri, 2010-njy ýyl.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tennis meýdançasynda, Türkmenbaşy şäheri, 2010-njy ýyl.

Duşenbe güni Türkmenistanyň trenerleri we sportsmenleri üçin tennis boýunça halkara akademiýasynyň seminar sapaklarynyň başlanandygy barada TDH gullugy habar berýär.

Bu seminary Pekindäki “6 Sense” atly halkara tennis akademiýasynyň ýolbaşçylaryndan Karlos Rodriges we Andres Bruno dagy geçirýär. Olar dünýäde meşhur tennis akademiýasynyň spesialistleri hasaplanýar.

Bu spesialistleriň Türkmenistana çagyrylmagy bilen tennis boýunça ýurtda ýokary derejeli trenerleri we sportsmenleri taýýarlamagyň maksat edinilýändigi habar berilýär.

“6 Sense” halkara tennis akademiýasy ýörite taýýarlanan ýokary derejeli türgenleşdiriş programmalaryny hödürleýär. Bu programmalaryň tejribeli professionallar tarapyndan alnyp barylýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG