Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň daşary işler ministri Täjigistana sapar edýär


Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi üç günlük resmi sapar bilen çarşenbe güni Täjigistana bardy. Salehiniň bu sapary Eýran maýa goýumyny Täjigistana ýatyrmaklyga gönükdirilen.

Täjigistanyň daşary işler ministriniň sözçüsi Dawlat Nazriýewiň aýtmagyna görä, “Sangtuda-2” gidroelektrik zawody ýaly “giň göwrümli proýektlere” Eýranyň maýa ýatyrmagy bilen bagly meseleler Salehiniň täjik kärdeşi Hamrohon Zarifi we Täjigistanyň prezidenti Imomoli Rahmon bilen duşuşyklarynda maslahat ediler.

Nazriýew Eýranyň ýadro programmasy barada hem gepleşikleriň boljakdygyny aýtdy. Ol Täjigistanyň islendik ýurduň parahat maksatlar üçin atom energiýasyny döretmäge hukugynyň bardygy baradaky pozisiýany eýeleýändigini hem sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG