Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prohorowyň aýal dogany raýatlar bilen Kremliň arasynda bölünişik görýär


Prezidentlige kandidat bolan milliarder Mihail Prohorow aýal dogany Irina bilen Moskwadaky metbugat konferensiýasynda, 28-nji fewral.
Prezidentlige kandidat bolan milliarder Mihail Prohorow aýal dogany Irina bilen Moskwadaky metbugat konferensiýasynda, 28-nji fewral.
Irina Prohorowa prezidentlik saýlawlarynda ýeňilen Mihail Prohorowyň uly aýal dogany. Onuň Orsýetiň syýasy sahnasyndaky täsiri gitdigiçe artýar.

Görnükli edebiýat tankytçysy we medeniýetiň taryhçysy Prohorowa özüniň syýasy karýerasynyň Orsýetiň adaty raýatlary bilen häkimiýet başyndaky elitanyň arasyndaky çakdanaşa uly bölünişige gözüni açanlygyny aýdýar.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň žurnalisti Andreý Şaryý edebiýat tankytçysy Irina Prohorowa bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Orsýetiň Kommunistik partiýasynyň prezidentlige kandidaty Gennadiý Zýuganow Wladimir Putiniň ýeňşi bilen tamamlanan 4-nji mart saýlawlaryny, galplyklaryň köpdügi sebäpli, ykrar etmeýänligini yglan etdi. Mihail Prohorow saýlawlaryň netijelerini ret etmekçimi?

Irina Prohorowa: Kandidat bu saýlawlary adalatly hasap etmeýänligini aýdanda, esasy kandidat bilen deňeşdirilende, oppozision kandidatlar üçin döredilen şertleriň düýbünden deň bolmanlygyny belläpdi. Ol bu saýlawyň kanuna näderejede laýyk gelenligi barada ähli şikaýatlar barlanyp, zerur bolsa, sesleriň gaýtadan sanalmagyndan soň aýdyp biler. Sebäbi ştaba örän köp jaň edildi, olaryň sanynyň 8 müňe ýetenligini bilýärin. Munuň netijesinde 4 müň kanuny bozma hasaba alyndy.

Azatlyk Radiosy: 4-nji mart saýlawlary sizde nähili täsir galdyrdy? Siz bu saýlawlary dekabr aýynda geçirilen parlament saýlawlaryndan has açyk hasap edýärsiňizmi?

Biziň jemgyýetimiz täzelige örän tiz öwrenişýär, özüni ýagdaýa laýyk alyp barýar we durmuşa ukyplydygyny görkezýär. Emma häkimiýetimiz utopiýa we gadymy döwre mahsus tejribelere eýerýär, ol 17-18-nji asyrlarda galana meňzeýär.
Irina Prohorowa

Irina Prohorowa: Meniň üçin baha bermek kyn. Gözegçilik eden we şähere aýlanan kärdeşlerimiziň gürrüň bermeklerine görä, olar “karusel” diýlip atlandyrylýan, ýagny şol bir saýlawçylaryň uçastokdan uçastoga geçip ses bermegi bilen bagly örän köp wakalary hasaba alypdyrlar. Şeýle ses berijiler dürli şäherlerden gelip, ýaşaýan ýerlerinden başga ýerlerde ses bermäge rugsat berýän “otkrepitel” talonlary bilen ençeme sapar ses berýärler. Olaryň näderejede köp bolanlygy we saýlaw netijelerine näderejede uly täsir ýetirenligi ähli maglumatlar toplanansoň belli bolar.

Azatlyk Radiosy: Siz doganyňyzyň prezidentlik kampaniýasynda aktiw rol oýnadyňyz. Saýlawlar siziň syýasata tarap ilkinji ädimiňiz boldy. Bu size näme berdi?

Irina Prohorowa: Medeniýet boýunça taryhçy üçin jemgyýetiň nädip işleýänligine syn etmek hemişe örän gyzykly. Öň men muňa medeni syýasat bilen meşgullanýan adamyň gözi bilen garaýardym. Neşiri dolandyrmak, žurnallary çap etmek we ynsanperwerlik işlerini alyp barmak hem syýasatyň bir bölegidir. Emma, başga bir tarapdan, bu zatlara häkimiýetiň işleýşiniň mehanizmi nukdaý nazaryndan seretmek hem örän gyzykly. Şeýle bolanda, her bir raýatyň we tutuş jemgyýetiň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryna has gowy göz ýetirýärsiň. Bu durmuş tejribelerini baýlaşdyrýar we adamyň öz graždan pozisiýasyny kesgitlemegine itergi berýär.

Azatlyk Radiosy: Siz häzir Orsýete syýasatçy hökmünde nähili garaýarsyňyz?

Irina Prohorowa: Men umuman ýetişen adam. Sowet jemgyýetinde ýaşamak boýunça tejribäm hem bar. Öň häzirkisinden hem has berk režim bardy. Men häzir şu çaka çenli görlüp-eşidilmedik bir ýagdaýa şaýat boldum diýip biljek däl, emma men häzirki döwürde örän güýçli depginde özgerýän jemgyýet bilen könä bil baglaýan häkimiýetiň arasynda bölünişigiň bardygyna has anyk göz ýetirdim. Meniň pikirimçe, ýönekeý adylanda, Orsýetiň esasy problemasy hut şundan ybarat. Biziň jemgyýetimiz täzelige örän tiz öwrenişýär, özüni ýagdaýa laýyk alyp barýar we durmuşa ukyplydygyny görkezýär. Emma häkimiýetimiz utopiýa we gadymy döwre mahsus tejribelere eýerýär, ol 17-18-nji asyrlarda galana meňzeýär. Häkimiýet institutlaryny häzirki jemgyýetiň we häzirki dünýäniň talaplaryna laýyk etmek meniň doganym üçin örän wajyp diýip, pikir edýärin.
XS
SM
MD
LG