Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Dünýäde azyk önümleri iki aýda iki gezek gymmatlady


BMG-nyň Azyk we oba hojalygy edarasynyň 7-nji martda ýaýradan maglumatyna görä, geçen iki aýda dünýäde azyk önümleri iki gezek gymmatlapdyr.

Düýbi Rimde ýerleşýän bu edaranyň maglumatynda bu ýagdaýa esasan hem azyk önümlerini eksport edýän ýurtlarda howanyň ýaramazlaşmagynyň, şeýle hem beýleki faktorlaryň sebäp bolandygy aýdylýar.

Guramanyň mglumatlaryna görä, alty aýlap durnukly ýagdaýda saklanandan soň, azyk önümleriniň bahalary ýanwar aýynda 2%, fewral aýynda bolsa 1% ýokarlanypdyr.

Şol bir wagtyň özünde, BMG 2012-nji ýylda dünýäde 690 million tonna däne hasylynyň öndüriljekdigini habar berýär. Bu görkezjiji geçen ýylky rekorddan çalaja pes.
XS
SM
MD
LG