Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň başlygy Owganystandaky waka boýunça gynanç bildirdi


NATO-nyň baş sekretary Anders Fogh Rasmussen Owganystanyň Kandagar welaýatynyň oba ilatyndan 16 adamyň amerikan esgeri tarapyndan öldürilmegine çuňňur gynanç bildirdi. Ölenleriň arasynda aýallar we çagalar hem bar.

NATO-nyň başlygynyň gynanç hatynda pida bolanlaryň maşgala agzalaryna gynanç bildirilýär hem-de güýçli we asuda Owganystany gurmakda ýaranlygyň owgan halky bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygy aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde, günorta Kandagar welaýatynda ýekşenbe güni ýüz beren atyşyk sebäpli, “Talyban” ar almak howpuny abandyrdylar. Şol sebäpden häzir NATO-nyň Owganystandaky güýçleri hüşgär ýagdaýa getirildi.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýa jaň edip, Kandagaryň Panjwaý etrapynyň Alekozai obasynyň ýaşaýjylarynyň oka tutulmagynda jogapkärler bolanlara jeza beriljekdigini aýtdy.

Hamid Karzaý bu öldürmä “bilkastlaýyn amala aşyrylan” iş diýip baha berdi we waka boýunça düşündiriş talap etdi.
XS
SM
MD
LG