Sepleriň elýeterliligi

Günorta Koreýa we Ýaponiýa Demirgazyň raketa uçurmak planyny tankytladylar


Günorta Koreýa we Ýaponiýa Demirgazyk Koreýanyň geljek aý sputnik arkaly uzak aralyk üçin niýetlenen raketany uçurmak planyny tankytladylar.

Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň sekretary Osamu Fujimura şeýle çykyş etdi:

— BMG-niň rezolýusiýasyna laýyklykda, ballistik raketalaryň ulanylmagynda geçirilýän islendik raketa atyşlary gadagandyr. Şu sebäpli-de biz ýagdaýlara içgin gözegçilik edýäris. Şeýle-de biz Demirgazyk Koreýany bu raketany uçurmakdan saklanmaga çagyrýarys.

Geçen aý Demirgazyk Koreýa urany baýlaşdyrmak programmasyny togtatmak, ýadro we uzak aralyk üçin niýetlenen raketalarynyň synagyny bes etmek boýunça ylalaşypdy.

Şeýle-de Phenýan BMG-niň eskpertleriniň ýurda gelmegine rugsat bermäge ylalaşdy. Munuň öwezine Demirgazyk Koreýa azyk kömegi berler.
XS
SM
MD
LG