Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze hasabatda ABŞ we Orsýetiň iň köp ýarag satýan ýurtlardygy aýdylýar


Düýbi Stokgolmda ýerleşýän Halkara Parahatçylyk barlaglar instituty ýarag söwdalary bilen baglanyşykly ýaýradan hasabatynda Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň ýarag eksportynyň dünýäniň ähli ýarag eksportynyň 50 prosentden gowragyny ybarat edýändigini belläpdir.

Bu hasabat 2007-nji ýyl bilen 2011-nji ýyl aralygyndaky görkezijiler esasynda düzülipdir. Bu hasabata görä, şu döwürde iň köp ýarag satyn alan ýurt Hindistan hasaplanylýar.

Hindistanyň yzy bilen iň köp ýarag satyn alýan ýurtlaryň sanawyna Günorta Koreýa, Pakistan, Hytaý we Sigapur girýär.

Hasabatda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dünýäniň 80-den gowrak ýurduna ýarag satýandygy we oňa tutuş dunýäniň ýarag eksportynyň 30 prosentiniň degişlidigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG