Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň güýçleriniň Baş ştabynyň komanduýuşisi Aşgabatda boldy


Anna güni Birleşen Ştatlaryň harby güýçleriniň Baş ştabynyň komanduýuşisi, general Jeýms N.Mattis Türkmenistanyň paýtagtynda saparda boldy.

Bu bir günlük saparynyň dowamynda general Jeýms N.Mattis Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow, daşary işler ministri R.Meredow, goranmak ministri B.Gündogdyýew we Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow dagylar bilen gepleşik geçirdi.

Bu gepleşiklerde tutuş Merkezi Aziýa regionynda parahatçylyk we howpsuzlyk meselesi bilen baglanyşykly özara bähbitli meseleler barada gürrüň edilendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG