Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkent türkmen gazynyň Täjigistana tranzitiniň mümkin däldigini aýdýar


Täjigistanyň prezidenti Imomali Rahmon we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň sammitinde, Duşenbe, 2011-nji ýylyň 2-nji sentýabry.
Täjigistanyň prezidenti Imomali Rahmon we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň sammitinde, Duşenbe, 2011-nji ýylyň 2-nji sentýabry.
Resmi Duşenbe Özbegistanyň hökümetini Täjigistany ykdysady üzňelige salmak synanyşygynda aýyplady. Daşkent bolsa Täjigistanyň aýyplamalaryny esassyz diýip atlandyrdy.

Bu iki goňşy ýurduň arasynda özara gapma-garşylyklar güýjeýärkä, Özbegistan Täjigistan bilen, hususan-da energiýa söwdasyna we demirýol gatnawyna degişli, käbir çäklendirmeleri girizdi.

Özbegistanyň premýer-ministri Şawkat Mirziýew çarşenbe güni eden çykyşynda öz çäklerinden Täjigistana tarap türkmen gazynyň tranzit edilmeginiň hem mümkin däldigini aýtdy. Özbek resmisi muny gazgeçiriji sistemanyň aýratynlyklary bilen düşündirdi.

Täjigistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gapma-garşylyklar Türkmenistanyň Täjigistan bilen ykdysady gatnaşyklaryna nähili täsir ýetirip biler? Azatlyk Radiosyndan Gözel Hudaýberdiýewa Merkezi Aziýa boýunça bilermen, Moskwadaky Syýasy barlaglar institutynyň analitigi Aždar Gurdow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Täjigistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gapma-garşylyklara näme sebäp bolýar we bu ýagdaý regionyň beýleki ýurtlaryna täsir ýetirip bilermi?

Aždar Gurdow: Özbegistan bilen Täjigistanyň arasynda güýçlenmek tendensiýasyna eýe bolan bu konfliktiň, regionyň beýleki ýurtlarynyň bähbitlerine hem degýänligine şübhe ýok. Ýurtlaryň hökümet resmileriniň hakykaty ret etmäge çalyşýanlygyna garamazdan, bu konfliktiň düýbünde syýasy sebäpler ýatyr.

Türkmenistan 1990-njy ýyllardan bäri Täjigistan bilen ykdysady gatnaşyklaryny güýçlendirip, özüniň ýangyç we elektrik energiýa serişdeleri üçin bazar edinmäge çalşyp gelýär. Emma Aşgabadyň bu ymtylmalaryna Daşkendiň islegsizligi böwet bolýar. Özbegistanyň häzirki syýasy elitasy özüne bäsdeş bolup biljek hiç bir ýurduň Täjigistanyň bazarynda ornaşmagyny islemeýär. Häzirki wagtda Daşkent Täjigistana basyş etmek bilen Duşenbäni, elektrik toguny işläp çykarmak üçin öz gidroelektro-stansiýalaryny gurmak planlaryndan el çekdirmek isleýär.

Azatlyk Radiosy: Özbegistanyň premýer-ministri Şawkat Mirziýew Täjigistana türkmen gazynyň akdyrylmagyna mümkinçilik ýok diýdi. Türkmen gazynyň Özbegistanyň üstünden Täjigistana akdyrylmagy üçin tehniki taýdan mümkinçilik barmy?

Aždar Gurdow: Tehniki taýdan mümkinçilik, edil häzir bolmadyk halatynda-da, bu uly bir problema bolmazdy, sebäbi Özbegistanda syýasy isleg dörän ýagdaýynda häzirki gazgeçiriji sistemany uly bolmadyk gurluşyk arkaly giňeltmäge mümkinçilik bar.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, türkmen gazyny Täjigistana akdyrmak üçin edil şu wagt tehniki taýdan mümkinçilik ýok, şeýlemi?

Aždar Gurdow: Bu kyn sowal, muňa takyk jogap bermek üçin Özbegistanyň gazgeçiriji sistemasynyň ähli aýratynlyklaryna belet bolmaly. Emma, meniň pikirimçe, mümkinçilik bolmaly. Sebäbi gaz geçirýän sistema dürli ýerlerden çekilen köp sanly turba ýollaryny öz içine alýar we olar özara baglanyşdyrylýar. Şeýlelikde bu meselede taraplaryň çynlakaý işe girişmäge isleginiň ýokdugyny aýdyp bolar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan bilen Täjigistan özara gaz söwdasy barada şu çaka çenli gepleşik geçiripmidi?

Aždar Gurdow: Hawa, ençeme sapar. Bu tema ikitaraplaýyn gepleşiklerde mydama gozgalýar. Käbir maglumatlara görä, türkmen gazyny, elektrik energiýasyny we nebit önümlerini Täjigistana Özbegisatanyň daşyndan geçýän ýollardan, hatda Owganystanyň üstünden aşyrmak mümkinçiliklerine hem garalýar. Emma, meniň pikirimçe, bu örän gymmat we ykdysady taýdan bähbitsiz bir ýol bolup biler. Bellenmeli ýene bir mesele – ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygyna degişli. Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň 2-3%-i Täjigistanyň paýyna düşýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan Täjigistana elektrik toguny satýar. Özbegistanyň Täjigistan bilen ykdysady gatnaşyklaryny çäklendirmegi Türkmenistanyň elektrik togunyň eksportyna täsir ýetirip bilermi?

Aždar Gurdow: Meniň pikirimçe, ýetirip biler. Emma elektrik energiýasynyň ýetmezçiligi, gaz ýetmezçiligine garanda, Duşenbe üçin onçakly kynçylyk däl, sebäbi Täjigistan elektrik toguny özi hem öndürýär.
XS
SM
MD
LG