Sepleriň elýeterliligi

Pakistan daglyk raýonda gara gömlenleriň anyk sanyny yglan etdi


Ýekşenbe güni Pakistanyň Goranmak ministrligi dawaly Kaşmir regionynda şenbe güni ýüz beren gar süýşgüninde gara gömlen adamlaryň anyk sanyny yglan etdi.

Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, Gimalaý daglarynyň günbatar raýonyndaky “Siaçen” atly buzluklaryň ýerleşýän ýerinde ýüz beren bu gar süýşgüninde 124 sany harby esger bilen 11 sany raýat işgäri gara gömlüpdir.

Beýik daglyk ýerdäki harby lageriň üstüne süýşen bu garyň galyňlygynyň 20 metr töweregidigi aýdylýar. Pakistanyň Goranmak ministrligi häzirki wagt aktiw ýagdaýda halas ediş işleriniň alnyp barylýandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG