Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň ýadro programmasy boýunça gepleşikler Stambulda geçiriler


Eýran ýurduň dawaly ýadro programmasy boýunça gepleşikleriň nobatdaky tapgyrynyň 14-nji aprelde Stambulda geçirilmegi bilen ylalaşdy.

Gepleşiklere Eýran bilen birlikde dünýäniň iň güýçli alty döwleti - Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, Germaniýa, Orsýet we ABŞ gatnaşar.

Eýran ilki başda gepleşikleriň Stambulda geçirilmegi bilen razylaşan bolsa, soňra ol Türkiýe Siriýanyň oppozisiýasyny goldaýandygy üçin, mundan ýüz öwrüpdi. Tähran gepleşikleriň Bagdatda geçirilmegini teklip edipdi.

Ýöne duşenbe güni Eýranyň Milli howpsuzlyk geňeşi gepleşikleriň birinji tapgyrynyň 14-nji aprelde Stambulda geçiriljekdigini tassyklady.
XS
SM
MD
LG