Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakuwda Hazar deňiziniň düýbüni paýlaşmak barada maslahat edildi


“Trend News” habar gullugynyň beren maglumatyna görä, çarşenbe güni Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginde Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň ekspertleri Hazar deňiziniň düýbüni paýlaşmak barada maslahat edipdirler.

Bu maslahata Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafowyň we Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňzi baradaky meseleler boýunça döwlet edarasynyň başlygy Myrat Atajanowyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa gatnaşypdyr.

Delegasiýa agzalary Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňiziniň düýbüni paýlaşnmagy bilen bagly birnäçe meseleler barada gürrüň edipdirler. Iki tarap Hazar deňiziniň durumy baradaky konwensiýanyň taslamasy barada-da pikir alyşdy diýip, “TrendNews” habar gullugy maglumat berýär. Emma, çarşenbe günki duşuşykda haýsydyr bir ylalaşyga gol goýlandygy barada habar berilmeýär.
XS
SM
MD
LG