Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Talybanlar Kabulyň merkezine hüjüm etdiler


Owganystanyň Talybanlarynyň sözçüsi öz toparynyň beýleki söweşiji toparlar bilen bilelikde Owganystanyň paýtagtynda amala aşyrylan hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alandygyny aýtdy.

Kabulyň diplomatik zolagynda ýekşenbe güni birnäçe partlama boldy we awtomat ýaragynyň sesleri eşidildi.

Partlamalaryň sesleriniň berk goralýan raýonda, ýagny Owganystanyň prezident köşgünde, günbatar ýurtlarynyň ilçihanalarynda, ABŞ-nyň harby bazasynda, BMG-niň we NATO-nyň edaralarynda eşidilendigi habar berilýär.

Sözçüniň aýtmagyna görä, Britaniýanyň we Germaniýanyň ilçihanalary,
NATO-nyň edaralary esasy nyşana alnan binalar bolupdyr.

Kabulda söweşler dowam edýär. Heläk bolanlar barada maglumat berilmeýär.

AP habarlar gullygy şäheriň beýleki çetinde, parlamentiň binasynyň golaýynda hem partlamalaryň ýüz berendigini habar berýär.
XS
SM
MD
LG