Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Karzaý Talybany “doganlarym” diýip atlandyrdy


Sişenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý Talyban söweşijilerine “doganlarym” diýip ýüzlenmek bilen, Talyban hereketi hüjümlerini dowam etdirse, munuň halkara güýçleriniň ýurtda galmaly möhletini uzaldyp biljekdigini aýtdy.

Mundan öň söweşijiler paýtagt Kabula we ýurduň beýleki şäherlerine hüjümleri amala aşyrypdy. Gandöküşlikde 35 söweşiji, 11 owgan esgeri we 4 adaty raýat heläk boldy.

Hamid Karzaý ýekşenbe güni amala aşyrylan hüjümleriň netijesinde diňe owganlylalaryň ölendigini we ýurduň ykdysadyýetine zarbanyň urlandygyny aýtdy.

Karzaý söweşijilere: “Siz yslam üçin hiç zat etmediňiz. Siz Owganystanyň garaşsyzlygy, milletiň aladasy üçin hiç zat etmediňiz” diýdi.

Emma Karzaý bolup biläýjek parahatçylyk gepleşiklerini göz öňünde tutup, Talyban söweşijilerini “doganlarym” diýip atlandyrmagyny dowam etdirjekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG