Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: aýlyk haklarynyň ýerine gök önüm


Sagira Nurbekowa: “Öz aýlyklarynyň ýerine berlen islendik zady almasalar, olara geljek ýyl her hepdede 18 sagatdan az sapak beriljekdigi ýa-da işden boşadyljakdygy duýdurylypdyr”.
Sagira Nurbekowa: “Öz aýlyklarynyň ýerine berlen islendik zady almasalar, olara geljek ýyl her hepdede 18 sagatdan az sapak beriljekdigi ýa-da işden boşadyljakdygy duýdurylypdyr”.
Gazagystanyň günortasyndaky mugallymlar zähmet haklarynyň ýerine gök önüm almaga mejbur edilýärler. Mundan öň özbek mugallymlaryna hem lukmanlaryna şu aýyň aýlyk haklarynyň bir böleginiň deregine Serbiýadan getirilen jüýjeleriň paýlanandygy habar berlipdi.

Güniorta Gazagystan welaýatyndaky mugallymlaryň garaşsyz kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Sagira Nurbekowanyň sözlerine görä, käbir etrap mekdeplerinde aýlygyň ýerine kartoşka, sogan we käşir berilipdir.

Nurbekowa bu barada, kärdeşler arkalaşygyna gowşan şikaýatlara salgylanyp, gök önümleriň köpüsiniň geçen ýylyň hasylyna meňzeýändigini we olaryň arasynda zaýa bolanlarynyň hem bardygyny sözüne goşdy.

Çimkent şäherindäki 25-nji mekdebiň mugallymy Alybek Soltanbekow özüne we kärdeşlerine aýlygyň ýerine kartoşka berlendigini tassyklap, şeýle diýdi: “Hawa, maňa kartoşka berdiler. Olaryň käbiri çüýrük bolsa-da, kadalyrak. Bu kartoşkalaryň bahasy arzan. Bazarda onuň bir kilogramy 60 sent. Emma bize kartoşkanyň her kilogramyny 30 sentden berdiler. Men 34 kilogram kartoşka aldym”.

Resmiler inkär edýärler

Günorta Gazagystan welaýatynyň ň bilim boýunça departamentiniň metbugat wekili Azat Amirtaýew mugallymlaryň zähmet haklarynyň ýerine gök önüm berilýändigi barada bar bolan şikaýatlary kabul edýändigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde-de, ol bu baradaky şikaýatlaryň tassyk bolmandygyny öňe sürdi: “Biz bular barada eşitdik. Emma ol hiç wagt tassyk bolmady. Biz häzir hakykatdanam şeýle ýagdaýlaryň bolup-bolmandygyny barlaýarys. Biz kimleriň şikaýat edendiklerini anyklap bilemzok. Bu mesele barada arz edenler biziň bilen gepleşmekden ýüz öwürýärler”.

Emma Güniorta Gazagystan welaýatyndaky mugallymlaryň garaşsyz kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Sagira Nurbekowa Günorta Gazagystan welaýatyndan şikaýat edenleriň köpdügini we olara kömek etmegiň kyndygyny belledi.

Ol: “Biziň mugallymlarymyz öz direktorlarynyň berýän islendik sapagyny kabul edýärler. Olar öz hukuklaryny gorap bilmeýärler. Öz aýlyklarynyň ýerine berlen islendik zady almasalar, olara geljek ýyl her hepdede 18 sagatdan az sapak beriljekdigi ýa-da işden boşadyljakdygy duýdurylypdyr” diýdi.

Sagira Nurbekowa merkezi hökümete we prezidentiň edarasyna hat ýollap, bu meseläni çözmäge kömek sorajakdygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG