Sepleriň elýeterliligi

Ukraina Timoşenkonyň bejergisi üçin Germaniýadan kömek soraýar


Ukraina Germaniýanyň lukmanlarynyň Ýulia Timoşenkony barlagdan geçirmeklerini we onuň keselini bejermeklerini sorady. Tussaglykda saklanýan ozalky premýer-ministr Ýulia Timoşenko ýakynda özüniň türme şertleriniň ýaramzlygyna protest bildirip, açlyk yglan etdi.

Ukrainanyň Daşary işler ministrligi lukmanlaryň iberilmegi üçin Germaniýanyň hökümetinden ýardam berilmegini sorap, resmi hatyň ýollanandygyny mälim etdi.

Germaniýanyň lukmanlar topary şu aýda Timoşenkony Harkowyň türmesinde barlagdan geçiripdiler.

Ýulia Timoşenkonyň aklawçysynyň aýtmagyna görä, Timoşenko 20-nji aprelde açlyk yglan edipdir. Mundan ozal aklawçy Timoşenkonyň türmede urulandygyny we arkasyna ýetirilen agyryny bejertmek üçin onuň zorluk bilen keselhana geçirilendigini aýdypdy.
XS
SM
MD
LG