Sepleriň elýeterliligi

Myanmar: Su Çi parlamente goşulmaga ylalaşýar


Myanmaryň oppozisiýa lideri Aung San Su Çi täze saýlanan parlamentdäki öz ornuny eýelemäge we ýurduň konstitusiýasyny goramak barada dawa döreden kasamy kabul etmäge razylaşdy.

Geçen hepde, 23-nji aprelde Su Çi we Demokratiýa ugrundaky Milli Ligasy partiýasynyň beýleki agzalary kasam ediş dabarasyna gelmekden boýun gaçyrdylar. Olar kasama garşy durýandyklaryny aýtdylar.

Kasamda 2008-nji ýylda kabul edilen konstitusiýany goramaklyga çagyryş edilýär. Bu konstitusiýada parlamentdäki orunlaryň 25 prosentini harbylaryň eýelemegi kepillendirilýär.

Mundan ozal Nobel baýragynyň eýesi, ozalky syýasy tussag Su Çi kasamda konstitusiýa “hormat goýmak” diýip aýdylmagyny sorapdy.
XS
SM
MD
LG