Sepleriň elýeterliligi

Zähmet güni: Aziýada, Ýewropada we ABŞ-da protest ýörişleri geçirilýär


Sişenbe güni Zähmet güni mynasybetli dünýä boýunça ýüz müňlerçe adamyň gatnaşmagynda protest ýörişleri geçirilýär. Zähmetkeşler iş şertleriniň gowulandyrylmagyny isleýärler, hökümetiň çykdajylarynyň kemeldilmegine garşylyk görkezýärler.

Aziýa ýurtlarynda, ýagny Indoneziýada, Malaýziýada, Taýwanda we Filippinde işçiler zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagyny we iş orunlarynyň saklanmagyny talap edýärler.

Günorta Ýewropa ýurtlarynyň, ýagny Gresiýanyň, Ispaniýanyň we Portugaliýanyň kärdeşler arkalaşygy guramalary hökümetleriň döwlet eýeçiligindäki edaralarda zähmet haklarynyň azaldylmagyny öz içine alýan berk çärelerine garşy çykýarlar.

1-nji maýy dynç güni diýip ykrar etmeýän ABŞ-da “Occupy Wall Street” ady bilen meşhurlyk gazanan protestçiler ýurt boýunça dürli protest ýörişlerini geçirmekligi planlaşdyrýarlar. Olaryň arasynda köpçülikleýin transport gullugynyň ençeme işgäri bir günlük iş taşlaýyş geçirip, zähmet şertlerine protest bildirmekligi göz öňünde tutýarlar.
XS
SM
MD
LG